<?xml version="1.0" encoding="UTF-8"?><song><hymn_number>83</hymn_number>
<title>Iki müň ýyl geçip gitdi.. N83</title>
<lyrics>[V1]
 Iki müň ýyl geçip gitdi
 aradan,
 Halasgäriň
 dogulanyna eneden,
 Dünýä Ony tanamady,
 bilmedi,
 Tananlar ebedi bile
 ýöredi!

[V2]
 Toprakdan
 adamzady ýaradan,
 Bu Hudaýyň
 Gudraty dälmikä?
 Hudaý Sözi adam
 bolup gelipdi,
 Bu-da bolsa
 Hudaýyň bir Gudraty!

[V3]
 Näçe hanlyk geçip
 gitdi dünýäden,
 Isaň Sözün
 eşidýänçe, gülýänçe,
 Näçe asyr geçip
 gitdi aradan,
 Isaň Sözi bize
 gelip ýetýänçe!

[V4]
 Günäli men
 Atajanym öňüňde,
 Oglyň baryn
 eşitmedim, bilmedim,
 Oglyň baryn
 eşidende Atajan,
 Şol wagt kabul ederin
 diýip öýtdüm.

[V5]
 Kyn boldy kabul etmek Isany,
 Pygamberi Ol orsyň diýen men,
 Hakykat hem ýeňip çykdy bir ýandan,
 Hakykaty giňişleýin bilen men!

[V6]
 Guwanç bilen kabul etgil eý, halkym!
 Bu Täzelik ýetip geldi bize-de,
 Hudaýyma müň bir şükür aýdaryn,
 Hudaý - Oglyn tanyşdyrdy bize-de!

[V7]
 Geçen günlere oý berip oýlansam,
 Nazar salyp arkama men seretsem,
 Ýüreklerim ezilýändir Atajan,
 Günä diýen batgada men batypdym!

[V8]
 Şol batgadan
 Isa meni çykardy,
 Ýol görkezdi
 Iýerusalim şähere,
 Şükür aýdyp
 Asmandaky Atama,
 Sygynaryn bu gün
 men-de Isa-a!

[V9]
 Ömürini-de,
 ölümini-de Isanyň,
 Pygamberler aýdyp
 gitdi öňünden,
 Azap çekdi bütin
 dünýäň halky üçin,
 Aýlanaýyn Isa diýen
 Adyňdan!

[V10]
 Ýadamazdan duşman
 maňa kast etdi,
 Asmandaky jennet
 diýen ýer üçin,
 Isa haçda ganyn dökdi
 bütin il üçin,
 Şol ganynyň bir
 damjasy men üçin!

[V11]
 Sözleriňi ýüregime
 ýerleşdir,
 Döweýin duşmanyň men
 gylyçyn,
 Näme etsem,
 näme kylsam aklaryn
 Haçda döken ganyň
 şol damjasyn?!</lyrics>
</song>